“Gülläp ösýär ,Arkadagly diýarym!”

“Gülläp ösýär ,Arkadagly diýarym!”

Aşgabat şäher Medeniýet müdirligiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 30-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli “Gülläp ösýär, Arkadagly diýarym!” ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi halkymyzyň hormatly Prezidentimize bolan çäksiz buýsanç, hormat-sarpasyndan, nyşandygyny, bu ýylyň öz äheňi, öz heňi bilen ýurdumyzyň taryhynda altyn möhrüni goýjakdygyna, hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgesiniň has-da rowaçlanyp, ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenjekdigi şeýle-de Türkmenistanyň dünýäde bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýandygy barada buýsanç bilen täsirli gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Ylham” bagşylar topary, hem-de 30-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary öz ajaýyp aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler.

Bu bolsa çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

HALK HEM KALP ŞAHYRY
ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY-KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY
Owazlar äleminiň bilbili
RUHY HAZYNALY DÜRDÄNELER
ŞATLYK PAÝLAP, NOWRUZ GELDI ÄLEME
TÜRKMEN HALK MATALLARY KITABY ESASYNDA
Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda