Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, ahalteke bedewiniň buýsançly şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy-da onuň milletimiziň buýsanjynyň suwutnamasydygy barada aýtdylar. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady we guralan göçme kitap sergisi hem olarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy ösdürmek we dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALK MATALLARY KITABY ESASYNDA
Owazlar äleminiň bilbili
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR
HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY
Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary
Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew