ŞATLYK PAÝLAP, NOWRUZ GELDI ÄLEME

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli Şatlyk paýlap, Nowruz geldi äleme ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, bir saçagyň başyna jemlenip, agzybirligi, ýurt abadançylygyny, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny özara düşünişmegini üpjün edýän ähmiýetli baýramdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýändigi barada çykyş etdi. Çäräniň dowamynda şahyrlaryň okap beren ajaýyp şygyrlary, höwesjeň okuwçylaryň milli bahar baýramyna bagyşlap taýýarlan goşgulary, aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda tebigatyň älemlere ýaýan nowruz şatlygyny döwrümiziň berekedi bilen goşalandyran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda biotehnologiýa ösüşiniň ykdysady ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
’Bitaraplyk-parahatlyk senasy’’
“Siz Watana belent ykbal, Arkadag”
“Arassaçylyk saglygyň sakasy”
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda Hindi rowaýaty atly spektakl görkezilýär
“Gülläp ösýär ,Arkadagly diýarym!”
“ Magtymguly, çoh garaşan ajap eýýamyň geldi, Arkadagym bilen adyň bütin äleme doldy”