Gün panelli ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Elektroulag öndürmegi bilen meşgullanýan “Tesla” kompaniýasy elektrik energiýasyny diňe arassa çeşmelerden almak maksady bilen esaslandyrylypdy. Şeýle bolansoň, kompaniýa ulaglaryň elektrik energiýasy bilen işläp biljekdigini, öýleriň bolsa, Gün şöhlesi arkaly elektrik energiýasy bilen ýeterlik derejede üpjün edilip bilinjekdigini öňe sürýär. Şol sebäpli Ilan Maskyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy diňe elektromobil öndürmek bilen çäklenmän, ýaşaýyş jaýlarynyň üçegine oturdylan Gün panellerini we şoňa degişli beýleki gurnamalary hem öndürýär.

Merkezi edarasy Tehasda ýerleşýän “Good Faith Energy” kompaniýasy bolsa, ýaşaýyş jaýlaryny “Tesla Solar Roof” gurnamalary bilen üpjün edip başlady. “Good Faith Energy” şereketi, ilkinji nobatda, 30 kW kuwwatly 11 müň inedördül metrlik Gün panelli binanyň gurluşygyny amala aşyrdy. “Tesla”-nyň öndürýän Gün panelleri gurnamalary adatdakylardan has netijeli bolmagy bilen tapawutlanyp, jaýda peýdalanylýan elektrik energiýasyny üpjün edýär.

Bu gurnamalar has çeýe bolup, Günüň hereketine görä aýlanýar.Bilermenler ýaşaýyş jaýlaryň üçegine oturdylýan Gün panelleriň geljeginiň uludygyna ünsi çekip, bu gurnamalaryň hem ýaşaýjylaryň energiýa üçin çykdajylaryny azaltmak, hem-de daşky gurşaw üçin peýdaly boljakdygyna ünsi çekýärler.

Eziz Hydyrow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Mask “Tesla Cybertruck”-yň iň soňky nusgasyny görkezdi
Gyşky synagdan geçirdi
Energiýa kompaniýasy iri ylalaşyga gol çekdi
Mask dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara düşünmeýändigini aýtdy
“Twitter”-iň mahabat girdejisi azalýar
Malaýziýada edarasyny açdy