Günäsi geçilenleriň dördüsinde COVID-19 ýüze çykdy

Günäsi geçilenleriň dördüsinde COVID-19 ýüze çykdy

Prezidentiň karary bilen Baýramalydaky, Tejendäki we zenanlar türmelerinden çyakrylandan soňra Lebapdaky öýüne dolananlaryň 4-den koronawirus tapyldy diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Lebabyň ýaşaýjylaryny Aşgabatdan Türkmenabada nebit-gaz senagaty we mineral serişdeler minsitrliginiň otlysynda alyp geldiler. Adatça, bu otlyny gazçylary, nebitçileri we geologlary daşamak üçin ulanýarlar.

Günäsi geçilenleriň ählisine Türkmenabatdaky demirýol menzilinde COVID-19 synagyny etdiler we ýöreýän enjamda rentgen synaglaryny çekdiler.

Munuň üçin öňki bendilerden 120 manat aldylar.

Günäsi geçilenleriň tizlikde türmeden çykjakdygy belli bolandan soňra olaryň hossarlary pul ýollaýarlar.

Geçirilen synag Gazojagyň iki, Magdanlynyň bir ýaşaýjysynda we Döwletli etrabynyň bir zenan ýaşaýjysynda oňyn netije beripdir. Olary karantina saldylar.

Galan günäsi geçilenleri polisiýanyň ýörite ulaglarynda öýlerine daşadylar. Olaryň hossarlaryna sadaka bermek gadagan edildi.

“Garyndaşlaryňyz we ýakynlaryňyz “göz aýdyňa” gelip bilerler. Emma, köp adam ýygnamaň” diýip öňki tussaglary öýlerine elten polisiýa işgärleri aýdypdyrlar.

21-ni sentiýabrda prezident Berdimuhamedow garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen bagly 2058 türkmenistanlynyň we 6 sany çet ýurtlynyň günäsini geçmek baradaky karara gol goýdy.

23-nji sentiýabrda Daşoguz, Balkan we Ahal welaýatlarynda ýaşaýan günäsi geçilenleri ýörite otlylarda Aşgabada getirdiler.

Olar 24-nji sentiýabrda öz hasabyna taksi bilen öýlerine aşdylar.The post Günäsi geçilenleriň dördüsinde COVID-19 ýüze çykdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Eýran Bilen Dartgınlıň Ýeke-täk Günäkäri Netanýahu
Blinken, Azyk Ýetmezçiligi Meselesinde Putini Günäkärledi
Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?
Halkara Günä Geçiş Guramasy: Ysraýylyň Palestina garşy alyp barýan işleri "adamzada garşy jenaýat" dyr
BAE-niň Beýik Britaniýany gizlin diňländigi öňe sürüldi
Kiýewiň Şäher Häkimi Russiýany Etniki Arassaçylyk Etmekde Günäkärledi