9-njy martda Brýusselde, “German Marshall Fund” forumynda Waşingtondaky StrategEast merkezi postsowet ýurtlaryndaky Günbatarlaşmak indeksi bilen tanyşdyrdy.
“Günbatarlaşmak indeksi 2018” postsowet ýurtlarynyň SSSR dargandan soňky döwürde Günbatar ölçeglerini we gymmatlyklaryny durmuşa ornaşdyryş derejelerini şöhlelendirýär.
Indeksde SSSR ýykylandan soň öz garaşsyzlygyny jar eden ýa-da gaýtadan dikelden 14 ýurda seredilýär (SSSR-iň mirasdüşeri hökmünde, Indeksde Orsýete baha berilmeýär). Indeks günbatarlaşma derejesini bäş kategoriýa boýunça ölçeýär: syýasy, ykdysady, kanunçylyk, dil-medeniýet we durmuş stiliniň günbatarlaşmasy.
Indeks-2018 postsowet ýurtlarynyň arasynda 100 ballyk baha boýunça 93 ball alan Estoniýadan 100 balldan diňe 17,5 ball alan Türkmenistana çenli aralykda günbatarlaşmak derejesiniň düýpli tapawutlaryny görkezdi. Barlaglaryň barşynda alnan bahalara esaslanyp, Indeks postsowet ýurtlaryny dört topara bölýär: “hakyky günbatara tarapdar”, “göz üçin günbatara tarapdar”, “deňagramlaşdyryjy pragmatikler” we “geçip bolmaz galalar”.
Indeksiň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow, şeýle-de onuň mirasdüşeri Gurbanguly Berdimuhamdow türkmen jemgyýetçiligini düýpli reformalara taýýar däl diýip yglan etdiler. Elitadaky yzygiderli arassalaýyşlar we güýç ulanyjy edaralary tarapyndan bildirilýän goldaw iki lidere hem çäklendirilmedik häkimiýete eýe bolmak mümkinçiligini berdi.
Ýurtda umumy ýagdaýy üýtgetmeýän simwoliki reformalar geçirilýär. Mysal üçin, 2013-nji ýylyň ýanwarynda Metbugat hakyndaky kanun güýje girdi, ol senzurany we medianyň işine döwlet tarapyndan gatyşylmagyny gadagan edýär. Emma iş ýüzünde senzura doly ýagdaýynda saklanyp galýar we çuňňur ornaşan gorky bolsa, žurnalistlere häkimiýeti tankytlamaga mümkinçilik bermeýär.
Ähli kandidatlaryň deň hukuklylygyny kepillendirýän saýlawlar kanunyna garamazdan, saýlawlar hakykatda prezidente çäksiz häkimiýetden peýdalanmagy dowam etmek esaslaryny berýän tomaşa bolmagynda galýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda jemgyýetçilik pikir soralşyklary ýok we ýurduň ýaşaýjylarynyň Günbatar babatdaky garaýyşlaryna obýektiw baha bermek örän kyn. Režim öz-özlüginde ne günbatara tarapdar, ne günbatara garşy meýilleri görkezýär. Resmi ideologiýa Türkmenistan özboluşly, emma ýurdy demokratlaşdyrmaga taýýar däl diýen netijä gol ýapýana meňzeýär.
Indeks bilen tanyşmak we Türkmenistandaky ýagdaýlara synyň netijelerini görmek üçin şu sepden peýdalanyp bilersiňiz (iňlis., PDF).
