Gündogar Antarktidada buzlugyň ereýiş tizligi kesgitlendi

Gündogar Antarktidada buzlugyň ereýiş tizligi kesgitlendi

Döwlet ylmy we amaly barlaglar birleşiginiň (CSIRO) awstraliýaly alymlary gündogar Antarktidada buzlugyň ereýşiniň tizligini kesgitlediler. Bu barada The Guardian gazeti anna güni habar berdi.

Ekspertleriň maglumatyna görä, Denman şelf buzlugynyň ereýiş tizligi ýylda 70,8 mlrd tonna buza barabardyr.Uzak wagtlap gündogar Antarktida, Grenlandiýa bilen deňeşdirilende, ereme howpy az hasaplanýardy, ýöne bu barlag ýyly suwuň bu yklyma hem gelip ýetýändigini görkezdi.

CSIRO-nyň wekili Stiwen Rintoulyň tassyklamagyna görä, şeýle tendensiýa deňiz derejesiniň owal çak edilişinden has ýokarlanmagyna getirýär.Soňky 25 ýylyň içinde Dünýä ummany 7,5 sm ýokary galdy, deňeşdireňde tutuş XX asyrda suw bary-ýogy 17 sm galdy diýip neşir takyklaýar.

Rintoulyň sözlerine görä, barlagçylaryň topary 2025-nji ýyla meýilleşdirilen ekspedisiýa wagtynda täze RSV Nuyina awstral ledokolynyň kömegi bilen goşmaça maglumatlary ýygnamaga umyt baglaýarlar.CSIRO-nyň we britan Sautgempton uniwersitetiniň dokladynda umman akymlarynyň ugruny üýtgetmegi sebäpli, XX asyryň birinji ýarymyndan bäri deňeşdireňde, Antarktidanyň gündogar kenarýakasynyň suwunyň temperaturasy 2-3 gradus ýokary galdy diýip, habar berilýär.

Antarktida, soňky barlaglar esaslansaň, ýylda 155 mlrd tonna buzuny ýitirýär, bu bolsa beýleki dünýä buzluklarynyň eremegi bilen bilelikde dünýä ummanynyň derejesini ep-esli galdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý: Ukraina Russiýa bilen ýer çalşygyna taýýar
Gülli Aýyň ganhorlarynyň ssenarisini kimiň ýazandygy belli däl
Borrel "The Guardian" gazedine beýannama berdi
Türkmenistan 2023-nji ýylda özüniň tebigy gaz eksport ugurlaryny giňeltmek tagallalaryny ileri tutdy
Ýasama arçalaryň ilkinjileriniň biri auksionda 3400 funta satyldy
Dünýäniň ilkinji ýekşenbe günki gazeti
Jimmi Kimmel Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny alyp barar