Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamaklarynda Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygyna Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşyp duşuşykda ‒ ýurdumyzda pähim ‒ paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda medeniýetimizi, sungatymyzy, beýik şahsyýetlerimizi dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär
Magtymguly Pyragy - türkmeniň milli şahyry
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy
Magtymguly Pragy
Arkadag şäheriniň okuw mekdepleri ilkinji gezek talyp kabul edýär