Arkadag şäheriniň okuw mekdepleri ilkinji gezek talyp kabul edýär

Arkadag şäheriniň okuw mekdepleri ilkinji gezek talyp kabul edýär

Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna şu ýyl ilkinji gezek talyp kabul edilýär. Akademiýanyň düzüminde atçylyk, atçylyk weterinariýasy, atly sport, atly syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetleri döredildi.

Şu ýyl Türkmenistanda birnäçe täze hünär bilim edaralary açylýar. Olaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bar.

Belläp geçsek, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde 5-nji hem-de 6-njy synplarda matematika, informatika, geografiýa, rus we iňlis dillerini okatmaga hukugy bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanylar.

Lukmançylyk mekdebinde birnäçe hünärler we ugurlar boýunça orta hünär bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Ozal Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek möwsüminiň badalga alandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar