Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki täze okuw jaýlarynyň açylyşyna gatnaşdy

Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki täze okuw jaýlarynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli anna güni Arkadag şäherinde täze bilim edaralarynyň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Täze açylyp ulanylmaga berlen bilim edaralarynyň hatarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary bar.

Habarda bellenilişi ýaly, dabaralaryň dowamynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna halkara güwänamalaryň birnäçesi gowşuryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde anna güni Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýanyň rektoryna Germaniýanyň “DUÝSBURG ESSEN” uniwersitetiniň “Iň gowy binagärlik” şahadatnamasy we GFR-iň Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň durnuklylyk we öňdebaryjy tehnologiýa baradaky şahadatnamasy gowşuryldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bilim işgärlerini, ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
Bilim ösüşleriň şamçyragy
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim edaralary ulanmaga berler
1-nji sentýabrda Türkmenistanda haýsy binalar açylyp ulanmaga berler?