Arkadag şäheri biziň buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy günsaýyn öňe ilerleýän ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.Eziz Diýarymyzyň iň gözel künjeginde, dag eteginde gurlan täze şäher göreni haýrana goýýar.

Bu döwrebap bilim we terbiýeçilik merkezinde ýaş nesiller ylym-bilim öwrenerler, ony kämilleşdirerler.Täze şäherde geçirilýän işleriň çäklerinde sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär.Täze akylly şäheriň binagärlik infrastrukturasynyň aýratynlyklary bizi diýseň begendirýär we buýsandyrýar.

Arkadag şäheri dünýä ülňülerine laýyklykda gurlup, ýaşaýşyň täze şertlerini öz içine alýar.Täze şäheriň Arkadag diýlip atlandyrylmagy il-günümiziň Garaşsyzlygymyzyň täze taryhynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Liderine bolan belent söýgüsiniň dabaralanmasydyr.

Ol ýerdäki medeni-durmuş maksatly binalaryň hatarynda sungat mekdepleriniň, medeniýet öýüniň, kitaphananyň, muzeýiň, drama teatrynyň, atçylyk sirkiniň bolmagy täze şäheriň sungatyň, medeniýetiň şäheridiginiň aýdyň güwäsidir.

Arkadag şäherinde Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi we Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Arkadag şäheriniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýaly bilim ojaklar bolsa, ýaşlara seçip alan hünäri boýunça döwrebap bilim almaga mümkinçilik berer.

Akylly şäheriň binalarynyň ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşan meşhur şahsyýetlerimiziň atlary bilen atlandyrylmagy halypalarymyza goýulýan çuňňur hormat-sarpadan nyşandyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde amala aşyrylýan beýik işler biz talyp ýaşlarda hem ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar.

Ata Watanymyza, mukaddes topragymyza bolan söýgini artdyrýar.Ajaýyp şäherleri gurduryp, eziz Diýarymyzy jenneti mekana öwürýän, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýgül HALLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim edaralary ulanmaga berler
1-nji sentýabrda Türkmenistanda haýsy binalar açylyp ulanmaga berler?
Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw jaýynyň täze binalary gurlar
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY