Günüň daşky çäkleriniň ilkinji kartasy döredildi

Günüň daşky çäkleriniň ilkinji kartasy döredildi

Garward-Smitson astrofizika merkeziniň (ABŞ) astronomlary Günüň atmosferasynyň daşky çäkleriniň ilkinji birsyhly iki ölçegli kartasyny hödürlediler. Alfwen üsti diýlip atlandyrylýan bu üýtgeýän çäkler, Gün şemalynyň ýyldyzyň magnit dartyş güýjüni ýeňip geçip, ondan hemişelik uzaklaşýan sebitini alamatlandyrýar.

Kartany döretmek üçin alymlar NASA-nyň Parker Solar Probe kosmos zondy tarapyndan ýygnalan maglumatlary, şeýle hem uzakdan zondlamak usullaryny ulandylar. Bu barlaglar Gün işjeňliginiň artmagy bilen bu çäkleriň has uly bolýandygyny, onuň gurluşynyň bolsa, has çylşyrymly we tapawutly bolýandygyny görkezdi. Bu iş “The Astrophysical Journal Letters” neşirinde çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda ýertitremede 600-a golaý adam ejir çekdi
Süýtli kofe gara kofeden peýdaly diýlip ykrar edildi
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Saud Arabystany 35 milliard dollara Boeing uçarlaryny satyn almakçy
Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
ExxonMobil Braziliýanyň kenarlaryndan nebit tapmady