Güýzde gezilmeli iň owadan ýerler

Güýzüň özüne mahsus reňkleri şäher durmuşyna aýratyn öwüşgin berýär. Dünýäniň dürli şäherlerinde bu öwüşgin tapawutly bolýar. Booking kompaniýasynyň syýahatçylyk saýty Momondo güýz aýlarynda owadanlygy bilen tapawutlanýan şäherleriň sanawyny düzdi. Bu sanawyň birinji bäşliginde şu şäherler bar:

Utreht, Niderlandlar

Sary, gyzyl we mämişi reňkleriň öwüşginleri şäheriň gadymy kanallary bilen birleşip, syýahatçylar üçin ýatdan çykmajak şekilleri döredýär. Taryhy kanallaryň Orta asyrlarda gaýyklary baglamak üçin ulanan ýakalaryny häzirki wagtda kafelerdir dükanlar doldurypdyr. Utrehti aýlanmagyň iň gowy usuly bolsa, kireýine berilýän gaýyklary ulanmakdyr. Şeýle etmek bilen şäheriň taryhyny duýmaga we owadan kanallary ýakyndan görmäge mümkinçilik taparsyňyz.

Nowosibirsk, Russiýa

Sibiriň uly şäheri Nowosibirskde gyş aýlary şatylama sowuk bolsa-da, sentýabr-oktýabr aýlarynda güýzüň Gün şöhleleri şäheriň tebigatyna zynat berýär.Russiýanyň iň uly opera we balet teatrynyň keşbi, esasan hem, günüň ýaşýan pursatlarynda şäheriň gözelligini artdyrýar.

Nowosibirsk şäheriniň gyrasyndan geçýän Ob derýasynda güýzüň hözirini görýän ýerlilere gabat gelmek bolýar.Syýahatçylar derýanyň kenarynda oturyp, suwuň üstünde gaýýan sary ýapraklara tomaşa edip bilerler.

Sewilýa, Ispaniýa

Tomus aýlaryny şäheriň golaýyndaky dynç alyş ýerlerinde geçirmek üçin Sewilýa ajaýyp merkezleriň biridir.Emma güýzüň ilkinji hepdeleri şäherdäki iň gowy pursatlara şaýat bolmak üçin tüýs wagty. Şeýle aýlarda Sewilýanyň köçeleri pyrtykal gülleriniň ysy bilen dolýar. Şäheriň köçelerinde bolsa, wagtyny hoş geçirýän ýerliler agdyklyk edýär.

Biri-birinden tapawutly binagärlik medeniýetlerini özünde jemleýän Sewilýa şäherini pyýada gezmegiň lezzetini görmegi ýatdan çykarmaň!

Ontario, Kanada

Sentýabr aýynyň soňky günlerinden başlap, bu şäherde güýzüň getirýän tebigy üýtgeşmelerini görmek bolýar. Bu üýtgeşmäni şäherden uzakda bolmadyk Algonkuin parkynda has ýakyndan synlamak mümkin. Parkyň içinde gaýykly gezelenç etmek arkaly güýzüň täsiri bilen saralmaga başlan tebigata tomaşa edip bilersiňiz.

Niagara derýasynyň kenaryndan dowam edýän Niagara ýolunyň hem ylham beriji peýzažy bar. Eger pyýada gezmegi halaýan bolsaňyz, müň ýyllyk agaçlary bolan Brýus Peninsula milli parkyna aýlanmak maslahat berilýär.

Fuji dagy, Ýaponiýa

Ýaponiýanyň Honşu adasynda ýerleşýän Fuji dagynda güýz pasly diýmek, asuda akýan suwuň, şeýle hem ülje we kerkaw agaçlarynyň gyzylymtyl ýapraklarynyň sazlaşygyny aňladýar. Bu ýerde tebigatyň gözelligine bagyşlanyp, Fujikawaguçiko atly güýz ýapraklarynyň festiwaly bellenip geçilýär. Ýaponiýanyň iň belent dagy Fujiniň wulkan daşlarynyň emele getirýän garamtyl reňki güýzüň sary we gyzyl ýapraklarynyň arasynda mese-mälim öňe saýlanýar.

Ýene degişli makalalar

Saha Türkçesi - 1
Dünýäniň iň rahat ýurdy
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Booker-iň uzyn sanawy mälim edildi
Köpçülige elýeterli boldy
Köpçülige elýeterli boldy
76-njy “Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri