Gurakçylyk dünýäde mindalyň ýetmezçiligine getirip biler

Gurakçylyk dünýäde mindalyň ýetmezçiligine getirip biler

Güýçli yssy we dowamly gurakçylyk Kaliforniýada mindalyň önümçiligini howp astyna goýýar. Çyglylygy söýýän agaçlar suw ýetmezçiliginden guraýarlar, şunuň netijesinde dünýä hozuň ýetmezçiligine sezewar bolup biler, euronews.com habar berýär.

Kaliforniýa dünýädäki mindalyň 80%-ini öndürýär: bu pudagyň bazar göwrümi 6 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.

Ştatyň ýumşak Ortaýer deňiz howasy hoz ösdürip ýetişdirmek üçin örän amatly ýerdi. Eger 1995-nji ýylda bu ýerde ýylda 168 mln kg töweregi mindal ösdürilip ýetişdirilen bolsa, geçen ýyl bu görkeziji 1,4 mlrd kg çenli ýokarlandy.

Emma şu ýyl adatdan daşary gurak tomus bu ýagdaýy üýtgetdi. Sebitde ýagyş ýagmaýar diýen ýaly, suwuň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli daýhanlaryň hem ekin meýdanlaryny suwarmak üçin ýeterlik serişdesi ýok.

ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrligi hem özüniň çaklamalaryna gaýtadan seretmeli boldy. 2021-nji ýylyň maý aýynda hünärmenler rekord derejede 1,5 mlrd kg mindal hasylynyň boljakdygyny çakladylar, ýöne gurakçylyk sebäpli bu görkezijini 1,3 mlrd kg çenli peseltmeli boldy.

Kaliforniýa gurakçylygy dünýäde mindalyň ýetmezçiligine we netijede, hasylyň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.

Häzirki wagtda mindal Kaliforniýada ösdürilip ýetişdirilýän giňden ýaýran ekinleriň biridir. Hozuň köp bölegi eksport edilýär. Bu ekine Ýewropa Bileleşiginde, Hindistanda we Gündogar Aziýada isleg ýokarydyr.

Mindaldan başga-da, adatdan daşary howa kakao tohumynyň, soýa we gamşyň üpjünçiligine hem täsirini ýetirdi. Indoneziýada we Malaýziýada suwuň ýetmezçilik etmegi, şeýle-de Braziliýadaky doňakçylyk kofeniň we şokoladyň ýetmezçiligine sebäp bolup biler.

Ýene degişli makalalar

Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler
Saç goňayny aýyrmak üçin käbir tebigy teklipleri
Çereşnýa sapagynyň peýdalary
KADALARY BERK BERJAÝ EDIŇ!
Türkmenistanda 28-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
21-nji awgustda türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?