Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt mediasyna seýrek interwýu berdi

Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt mediasyna seýrek interwýu berdi

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň häzirki başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň TRT kanalynyň habarçysyna interwýu berdi. Onuň 16 minut töwerek interwýusy 12-nji martda türk kanalynyň YouTube kanalynda çap boldy.

Aşgabatda geçirilen interwýunyň dowamynda Berdimuhamedow aglaba iki ýurduň arasyndaky medeni, taryhy, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň beýleki ugurlary barada gürrüň etdi we olary taryplady.

Ol hususan-da Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna synçy agza bolmak bilen, onuň işlerine ýakyndan gatnaşýandygyny belledi. Ýatlatsak, özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp regional guramalara agza bolmakdan çetde saklanyp gelýän Türkmenistan, 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkiýäniň howandarlygyndaky bu gurama synçy agza hökmünde kabul edilipdi.

Şu aýyň başynda, türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň Antalýa diplomatiýa forumynyň çäginde eden çykyşyna salgylanyp, Türkmenistanyň bu gurama doly hukukly agza bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Berdimuhamedow soňky interwýusynda bu guramanyň türki dilli ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýän bir gurama, geljegi uly we ygtybarly halkara hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny beýan etdi. Emma oňa doly derejeli agza bolmak meselesini gozgamady.

Galyberse-de, 12-nji martda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy
Gidrawlik energiýa näme sebäpli möhüm?
TRT-nyň 60 ýyllygyna bagyşlanyp internet saýty açyldy
Energetika 2023-nji ýylda dünýäniň we Türkiyäniň güntertibiniň ileri tutulýan ugry boldy
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär