Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň ozalky Premýer-ministriniň aradan çykmagyna gynanç bildirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň ozalky Premýer-ministriniň aradan çykmagyna gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Serjio Mattarella Italiýanyň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoniniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Hatda bellenilişi ýaly, görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolmak bilen, Silwio Berluskoni Italiýanyň öňe gitmegine, şeýle-de Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda merhumyň maşgala agzalaryna we dogan-garyndaşlaryna, Italiýanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Döwletara gatnaşyklaryň gerimi giňeldilýär
Serdar Berdimuhamedow Serjio Mattarellany gutlady
Italiadaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kärdeşine awtobus heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi