Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy barada täze goşgy döretdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy barada täze goşgy döretdi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagty ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalar bilen tanyşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerini synlap, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň türkmen halkyny, aýratynda, esasan-da, ýazyjy şahyrlary buýsandyrýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 1-nji sentýabrda ýurduň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlarynyň goýulmagynyň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada täze goşgy setirleri döredendigini aýtdy we bu ajaýyp goşgusyny okap berdi. Bu barada maslahat.gov.tm ýazýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Ýaş zehinli kompozitor Aýläle Gulmuradowanyň awtorlyk konserti
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň Döwlet kitaphanasyna myhmançylygy
Magtymguly etrabynda döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy baý mazmunly çäreler bilen utgaşdy
Awtorluk konsert
Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy
Reňkli sapaklar, şekiller, portretler zehinli nakgaşyň nusgalyk işleri