Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşigi tarapyndan “Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi.Türkmen edebiýatynda watançylyk temasy aýratyn orun tutup, ol gadymy döwürlerden bäri ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginiň özeni bolup durýar.

Bu tema halkyň agzybirligini, topraga bolan söýgüni, gahrymançylygy we parahatçylygy wasp edýär.Magtymguly Pyragy, Kemine, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlar Watany goramagy, halkyň agzybirligini özleriniň goşgularynda baş tema edipdirler. Şeýle eserleriň üsti bilen ýaş nesillerimiz “Watan” sözüniň mukaddesdigine ýene bir ýola göz ýetirýärler.

Ata Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri elmydama rowaç bolsun.

Ýene degişli makalalar

Teatr sahna bezeginiň gözelligi atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi
Grafika we nakgaşlyk eserlerine bagyşlandy
Ýazyjy, şahyr, dramaturg
28-30-njy noýabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek oýunlar
Ýurdumyzyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk—dost-doganlyk binýady atly hepdelik geçiriler
20-21-nji dekabrda teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlaryny