Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa German bilen duşuşyk geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa German bilen duşuşyk geçirdi

6-njy awgustda Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Nataliýa German bilen duşuşdy.

Netijeli geçen söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebit ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň häzirki sammitiniň ýerliklidigini we öz wagtynda geçirilýändigini bellediler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bu ýokary derejeli waka sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy taraplary barada pikir alyşmak we karar bermek üçin meýdança boldy.

Ýene degişli makalalar

Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
В Душанбе состоялась встреча глав МИД Туркменистана и Таджикистана
Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbede täjik kärdeşi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň haryt öndürijileriniň sergisine baryp gördi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
Sebit hyzmatdaşlygynyň nusgalyk derejesi