Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbede täjik kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbede täjik kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutanlary Türkmenistan we Täjigistan arasyndaky özara hyzmatdaşlygy, hem-de 14-15-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibini maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, iki ýurt arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda özara söwda dolanyşygynyň ösdürilmegi we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ugrunda pikir alyşyldy.

Duşuşygyň dowamynda ýurtlar arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek üçin bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň wajyplygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana iş saparynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Astana sammitinde birnäçe resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder
Türkmenistan Merkezi Aziýada suw serişdelerinde deňhukukly ekodiplomatiýany ösdürmegi teklip etdi