Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmek Gazagystandan Özbegistana geçdi. Bu barada Acordy habarlar gullugyna salgylanýan Report ýazýar.

Astanada geçen VI Konsultatiw duşuşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň döwlet Baştutany Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Tokaýew öz çykyşyny jemlemek bilen, Ş.Mirziýoýewe geljekki Konsultatiw duşuşykda başlyklyk etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezidentler üç sany resminama, şol sanda VI Konsultatiw duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki beýannama, Merkezi Aziýa 2040 sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekligiň Konsepsiýasyna we VI Konsultatiw duşuşygyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewi hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda çözgüde gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Fizuliniň ýaşaýjylary şäherde metjidiň gurulýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbede täjik kärdeşi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň haryt öndürijileriniň sergisine baryp gördi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
Sebit hyzmatdaşlygynyň nusgalyk derejesi