Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň haryt öndürijileriniň sergisine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň haryt öndürijileriniň sergisine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbe şäherine iş saparynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygy bilen gabat gelýän Merkezi Aziýanyň haryt öndürijileriniň sergisine baryp gördi. Sergide türkmen haryt öndürijileriniň hem köp dürli önümleri ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri sammite gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan diwarlyklar bilen tanyşdylar diýip, Akorda ýazýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň örän möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder
Türkmenistan Merkezi Aziýada suw serişdelerinde deňhukukly ekodiplomatiýany ösdürmegi teklip etdi
Türkmenistan 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Fizuliniň ýaşaýjylary şäherde metjidiň gurulýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy