Astana sammitinde birnäçe resminama gol çekildi

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astanada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilýän duşuşyga Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Hususan-da:

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy boýunça bilelikdäki beýannamasy.

“Merkezi Aziýa-2040” sebitleýin korporasiýany ösdürmek konsepsiýasy.

“Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromanowiç Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda” Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň çözgüdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki beýannamasy bilen tassyklanan resminamalar:

2025-2027-nji ýyllar üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýol kartasy.

2025-2027-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň senagat korporasiýasyny ösdürmegiň hereket meýilnamasy.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde resmi wekiliýet agzalarynyň arasynda gol çekilen resminamalar:

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ulag-logistika merkezlerini ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama.

Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň birinji duşuşygy boýunça beýanat.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ikinji duşuşygy boýunça Astana beýanaty.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistan 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder
Fizuliniň ýaşaýjylary şäherde metjidiň gurulýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň haryt öndürijileriniň sergisine baryp gördi