Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanda resmi saparda bolýar

Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanda resmi saparda bolýar

4-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna ugrady. Türkmen Liderini uçaryň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Soňra türkmen we özbek Liderleriniň awtoulag kerweni howa menzilinden Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýän Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna tarap ugrady.Granit daşyndan bina edilen bu ýadygärlikde Özbegistanyň çäkleri görkezilen Ýer togalagy şekillendirilipdir.

Binanyň ýanynda “Bagtyýar ene” diýen ýene bir ýadygärlik oturdylypdyr.Onda elinde perzendini saklaýan enäniň heýkeli goýlupdyr. Çuňňur many-mazmuna beslenen enäniň bu keşbi nesilleriň dowamatlylygyny, köpasyrlyk milli ýörelgelere hem-de ruhy gymmatlyklara aýawly çemeleşilmegini aňladýar hem-de bu ýörelgeler häzir hem özbek halkynyň agzybirligini we jebisligini üpjün edýär.

Belent ýadygärligiň etegine gül dessesini goýmak dabarasy tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Baştutany Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde awtoulagda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.

Şu gün — 5-nji oktýabrda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler, onuň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew taraplaryň mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de bar bolan kuwwatlyklaryň has doly durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçiliklere gararlar.

Ýene degişli makalalar

Döwrüň derwaýys meselesi
Hepdäniň esasy wakalary: Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary, Türkmenistana gelnende hökmany özüňi başgalardan çetleşdirmeli, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň kabul ediş toparlarynyň salgylary we beýleki temalar
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi
Daşkentde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ulag geçelgeleriniň mümkinçiligi ýokarlandyrylar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ýokary derejeli gepleşikleri geçirdiler
Türkmenistan, Özbegistan Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak hakynda ylalaşyga gol çekdi