Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, häzirki günde döwrüň iki dostlukly goňşy döwletden Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek üçin has jebisligi, tagallalaryň birleşdirilmegini, hereketleriň utgaşdyrylmagyny talap edýändigini nygtady.

Söhbetdeşler iki döwletiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary olaryň halklaryna mahsus ruhda mynasyp derejede we yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini aýdyp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstüniň täze mazmun bilen ýetirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň hem ulag we energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Şawkat Mirziýoýew Omanyň ministri bilen Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi boýunça pikir alyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR