Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag iberdi. Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Gadyrly dostum, galkynyşyň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn!

Doganlyk halklarymyzyň kalbynda ýer alan Nowruz baýramynyň ýaşaýyş filosofiýasy hem-de asylly ýörelgeleri biziň üçin aýratyn gymmata eýedir we ol iki ýurduň arasynda mizemez dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat goýmagy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklary has belent derejä çykarmakda Siziň goşýan goşandyňyza ýokary baha berýändigimi nygtamak bilen, strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Pursatdan peýdalanyp, şu bereketli we mübärek günlerde Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Jewdet Ýylmaz Nowruz baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Nowruz baýramy bilen gutladylar
'Salam Dogan!': Abort açyk gürrüňi edilmeýän gozgalmaly agyr mesele