Şawkat Mirziýoýew Omanyň ministri bilen Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi boýunça pikir alyşdy

Şawkat Mirziýoýew Omanyň ministri bilen Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi boýunça pikir alyşdy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2-nji maýda Oman Soltanlygynyň söwda, senegat we maýa goýumlara ýardam etmek ministri Kaýs bin Muhammad al-Ýusufy kabul etdi. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler hem-de Owganystanyň üstünden geçjek demir ýoluň gurluşygy barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, söhbetdeşler energetika, ulag, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, geologiýa, azyk, dokma, himiýa senagaty, şol sanda Özbegistan — Oman maýa goýum kompaniýasynyň goldawy bilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesi Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň arasynda harytlaryň daşalmagyny aňsatlaşdyrýan halkara ulag-üstaşyr geçelgesidir. Ol Ýewraziýa sebitinde aragatnaşygy gowulandyrmaga we ony beýleki ulag geçelgeleri, şol sanda Halkara Demirgazyk Günorta ulag geçelgesi bilen utgaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

3 Günde 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Kastamonu Basdyrmasy
Akar: "Siriýanyň demirgazygynda 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi
“Azerbaýjanly Doganlarymyz Bilen Ulag İnfrastrukturamyzy Ösdüreris”
Akar: "Terrora garşy operasiýalar dowam eder" diýdi
Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi