Akar: "Terrora garşy operasiýalar dowam eder" diýdi

Akar: "Terrora garşy operasiýalar dowam eder" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Kaýseride geçirilen "Ýaşlaryň Şüweleňi" duşuşygynda eden çykyşynda, beýik we güýçli Türkiye üçin arman-ýadaman zähmet çekýändiklerini mälim etdi.

Beýik we güýçli Türkiye ýolunda öňlerine biri-birinden tapawutly päsgelçilikleriň goýulýandygyny, olaryň terror bilen birlikde metbugat we ykdysadyýet ýaly ýollar bilen goýulýandygyny aýdan Hulusi Akar: "Olaryň hiç birindede üstünlik gazanyp bilmediler.

Günbatarda bitarap görünýänler, metbugat ýörelgelerini berjaý edýändiklerini aýdýanlar, adam hukuklaryny dillerinden düşürmeýänler saýlawdan ozal ähli zäherlerini dökdüler, Türkiyä garşy pozisiýa eýelediler, jogaplaryny aldylar we masgara boldylar.Olar masgara bolmaga dowam ederler" diýip habar berdi.

Hulusi Akar eýýäm 40 ýyl bäri dowam edýän terror belasyndan halky halas etmekde tutanýerlidiklerini belläp: "Esgerleriň demi terrorçylaryň arkasynda. Biz häzirki wagtda Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terrorçylary yzarlaýarys. Olaryň hiç biriniň gaçyp, halas bolmaklary mümkin däl. Ýa ölerler ýa-da boýun egerler. Adalata boýun bolmakdan başga çäreleri ýok" diýip nygtady.

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň çöküş tapgyryndadygyny aýdan Hulusi Akar: "Terrorçylaryň ýolbaşçylary hojaýynlaryna ýalbarýarlar, olardan kömek soraýarlar, Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň operasiýalarynyň bes edilmegini isleýärler. Ne Yragyň demirgazygynda ne-de Siriýanyň demirgazygynda operasiýalar bes edilmez. Iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli şol göreş dowam eder. Nesip bolsa türk esgerleri terrorçylary gazan çukurlarynda gömerler" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Kaýseride Halka Ýüzlenip Çykyş Etdi
Erbilde Taryhy Bazar Ýandy
Gollandiýa: "ABŞ F-16-laryň Ukraina berilmegini tassyklady" diýdi
Magtymguly pyragy köňülleriň çyragy
Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
“Azerbaýjanly Doganlarymyz Bilen Ulag İnfrastrukturamyzy Ösdüreris”