Akar: "Siriýanyň demirgazygynda 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Akar: "Siriýanyň demirgazygynda 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Kaýseri welaýatynda beren beýanatynda, terrora garşy göreşiň berk tutanýerlilik we erjellik bilen dowam edýändigini, 85 million raýaty terror belasyndan azat etmekde tutanýerlidiklerini mälim etdi.

"Terrorçylar nirede bolsa nyşanamyz şol ýer" düşünjesi bilen göreşlerini dowam etdirýändiklerini aýdan Hulusi Akar, türk esgerleriniň Yragyň we Siriýanyň dmeirgazygynda terrorçylaryň girip bilmez diýen ýerlerine girendigini, çykyp bolmaz diýilýän ýerlere çykandygyny, terrorçylaryň hinlerini üstlerine ýumurmaga dowam edýändigini aýan etdi.

Terror guramasynyň çöküş tapgyryndadygyny aýdan Hulusi Akar: "2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri 37 müň 886 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Häzirki wagtda terror guramasynyň düzümine goşulýanlaryň sany nol derejä golaý, gaçýanlaryň sany bolsa barha artýar" diýip belledi.

Türkiyäniň Yragyň we Siriýanyň territorial bütewiliklerine we özygtyýarlylyklaryna hormat goýandygyny, operasiýalaryny halkara hukuga dolulygyna laýykdygyny aýdan Hulusi Akar: "Soňky 1 aýyň içinde 126 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Düýn gije Siriýanyň demirgazygynda 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylaryň öňünde 2 ýol bar. Ýa boýun egerler ýa-da ýok bolup giderler" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkiyede howa şarlaryna bolan gyzyklanma artýar
Magtymguly pyragy köňülleriň çyragy
Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
Akar: "Terrora garşy operasiýalar dowam eder" diýdi
“Azerbaýjanly Doganlarymyz Bilen Ulag İnfrastrukturamyzy Ösdüreris”
Kastamonu Basdyrmasy