Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işlerini synlady

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işlerini synlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

[…]

Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen bilelikde ähli zerur tagallalar edilýär. Şunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralardyr beýleki çäreleriň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna giň möçberli medeni çäreler we dabaralar geçiriler.

Aýratyn-da, halkara çärelere gatnaşýan myhmanlar üçin medeni-durmuş hyzmatlarynyň ýokary derejesi üpjün ediler.Bu işlerde milli myhmansöýerlik ýörelgeleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylar.

Bitaraplyk baýramynyň şanyna geçiriljek çärelere taýýarlygyň çäklerinde guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şol bir wagtyň özünde halkara çäreleri giňden wagyz etmek möhümdir.Baýramçylyk günlerinde işlejek meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş mugallymlary, işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyryldy.

Halkara çärelere gatnaşjak myhmanlaryň aragatnaşygyň hem-de internetiň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine zerur üns berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şanly senäniň hormatyna guraljak dabaralaryň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýedigini, birnäçe döwletler bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny aýdyp, şanly senäniň hormatyna guraljak çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

[…]

Soňra Milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara kabul edişlik merkezine geldi.Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de olara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin hemme zerur şertler döredilipdir. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna guraljak çäreleriň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini nygtamaly.

Bu çäreler daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistan we türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalary galdyrmakda ähmiýetli bolmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda “Arkadag” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde-de ýokary derejeli myhmanlary we halkara guramalaryň wekillerini kabul etmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

[…]

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady
Türkmenistan Owganystandaky ýer titremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi