Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow "Merkezi Aziýa + ABŞ" formatyndaky Sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça Merkezi Aziýa + ABŞ formatyndaky Sammite gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
HRW: ABŞ-Merkezi Aziýa sammitinde sebitdäki repressiýa meselesi gozgalmaly
Balkanlylaryň käbiri prezidentiň ABŞ saparyndan 'özgerişe' garaşsa, ýene bir bölegi 'umyt ýok' diýýär
Uly Berdimuhamedow TOPH üçin Owganystana bardy, serhetýaka Maryda howpsuzlyk güýçlendirildi
Balkanda Green Card bijesine gyzyklanma artýar, MHM resminama taýýarlap berýänleri soraga çekýär