Türkmenistan Owganystandaky ýer titremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistan Owganystandaky ýer titremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

[…]

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

[...]

Doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa hem-de hasapçysy Ý.Çernowa degişli tabşyryklary berdi.

Ynsanperwerlik kömegi hökmünde mätäç çagalara gerek bolan däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ibermeli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa ähli meseleler boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

[…]

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi
Alymlar ösümlikleriň ýok bolmagynyň saglygy goraýyş üçin howpludygyny duýdurýarlar
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlaýarlar
16 duşuşyk 48 gol
“Borussiýa Dortmundyň” täze transferi