Gyrgyzystan Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak isleýär

Gyrgyzystan Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak isleýär

29-njy fewralda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahatow bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyzystanyň DIM-ni habar berdi diýip, KGinform ýazýar.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň oňyn ösüşine kanagatlanma bildirdiler, şeýle hem söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi A.Madmarow Gyrgyzystanyň söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigini aýtdy.

B.Wolsahatow hem öz gezeginde bilelikdäki işleri güýçlendirmäge taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi barada maglumat berdi we gyrgyz telekeçilerini alyş-çalyş söwdasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, yzygiderli aragatnaşyk saklamak boýunça ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Zehin joşguny
Pagta ýygymyna girişildi
KÖŇÜL KÜÝSEGI
Oba hojalygynda sanly ulgam
Türkmenistan oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär
24.03.2020 | Türkmenistan oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär