Gyrgyzystanda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli brifing geçirildi

Gyrgyzystanda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýylyň Türkmenistanda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing geçirildi.

Bu çäräniň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem boldy.

Bu çärä Gyrgyzystanyň Ylymlar akademiýasynda Ç.Aýtmatowyň adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ýolbaşçylygy, Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň rektoraty, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy, öňdebaryjy syýasatçy alymlar, metbugat wekilleri, Bişkekdäki uniwersitetlerde okaýan türkmenistanly talyplar, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdy.

Brifingde çykyş edenler beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar bu çäräniň Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyny, esasan hem iki ýurduň arasyndaky medeni alyş-çalyşyň, hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde möhümdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

TIKA Bişkekde Agzaçar Berdi
Türkiýe: Ykdysady krizis we migrasiýa syýasatynda jemgyýetçilik meýliniň üýtgemegi
Gyrgyzysantyň ilçisi: Türkmenistanyň ynsanperwelik kömegi Gyrgyzystana ilkinji bolup ýetirildi
8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gyrgyzystan gandöküşikli serhet çaknyşyklaryndan soň täjik ýolagçylaryna ýurda girmegi wagtlaýyn’ gadagan edýär
“Ahal” AFK-nyň Kubogynyň sebitleýin bäsleşiginiň finalyna çykdy