TIKA Bişkekde Agzaçar Berdi

Ymam Sarahsy metjidiniň howlusynda erkekler we zenanlar üçin aýry saçaklar ýazyldy.

Metjidiň aşhanasynda üç gazanda nohutly, kişmişli, etli palaw bişirildi.

Agzaçara gatnaşanlara etli palaw, salad, çörek, alma, şokolad, mandarin, hurma, miwe suwy we suw hödür edildi.

Türkiýäniň Bişkekdäki Ilçisi Ahmed Sadyk Dogan, TIKA-nyň Orta Aziýa we Kawkaz bölüminiň Başlygy Ali Özgün Öztürk we TIKA-nyň Bişkekdäki utgaşdyryjysy Mehmet Bodur gatnaşyjylaryň orazasyny gutlady.

Agzaçara Çuý sebitinde ýaşaýan mesheti türkleri hem gatnaşdylar.

TIKA-nyň Orta Aziýa we Kawkaz bölüminiň Başlygy Ali Özgün Öztürk Gyrgyzstanda 30 ýylyň dowamynda birnäçe taslamany iş ýüzüne geçirendiklerini beýan edip; “Maksadymyz gyrgyz doğanlarymyz bilen oraza şatlygyny bölüşmek” diýdi.

Öztürk 1500 maşgala azyk kömegini paýlandyklaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkiýe: Ykdysady krizis we migrasiýa syýasatynda jemgyýetçilik meýliniň üýtgemegi
Gyrgyzystanda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli brifing geçirildi
Gyrgyzysantyň ilçisi: Türkmenistanyň ynsanperwelik kömegi Gyrgyzystana ilkinji bolup ýetirildi
Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Ankara Guran Sapary
Öwülýä Çelebiniň ömür beýany