Gyrgyzystanyň prezidenti Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine umyt bildirdi

Gyrgyzystanyň prezidenti Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine umyt bildirdi

Gyrgyzystanyň prezidenti, Türkmenistanyň geljekki hökümeti bilen dostlukly gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine umyt bildirdi.

wagtyndan ozal prezident saýlawlary 12-nji martda meýilleşdirilýär. Sosial-demokratik partiýasyndan bolýan Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Sardar Berdymuhamedowyň saýlawda ýeňiş gazanmk ähtimaly ýokarydyr.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadir Jabarow şu gün (ýekşenbe) türkmenleriň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedowa hat iberip, indiki saýlanan prezidentiň häzirki prezidentiň ýolyny dowam etdirmegine umyt bildirdi.

"Sadir Jabarow" bu hatynda: Gatnaşyklary giňeltmek üçin täze we köp mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň habaryna görä, prezident saýlawyna jemi dokuz dürli partiýadan we topardan dalaşgär çykandyr.

Synçylar we gözlegçiler, Türkmen prezidentiniň ogly Sardar Berdymuhamedowyň saýlawda ýeňiş gazanjakdygyna ynanýarlar sebäbi ýokardaky bäsdeşleriň hiç biri-de syýasy işlerde görnenokdy we saýlawçylary üçin atlary belli däldir.

Türkmenistanyň prezidenti halk tarapyndan ýedi ýyllyk möhlete saýlanýar.

Türkmenleriň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow Türkmenistanyň Merkezi saýlaw we referendum komissiýasynyň başlygyna irki prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Berdymuhamedow 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň prezidentidir.

Ýene degişli makalalar

Sosial-demokratlar partiýasy Bundestaga saýlawlarda üstün çykdy
Özbegistanyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul edip, resmi taýdan wezipesine girişer
Şwesiýanyň täze premýer-ministri iş başyndan gitmek kararyna geldi
Geljekki kansler täze ministrler bilen tanyşdyrdy
Olaf Şols Germaniýanyň täze kansleri boldy
Ştaýnmaýer Germaniýanyň prezidentligine ikinji möhlete saýlandy