Şwesiýanyň täze premýer-ministri iş başyndan gitmek kararyna geldi

Şwesiýanyň täze premýer-ministri iş başyndan gitmek kararyna geldi

Şwesiýanyň Sosial-demokratik işçiler partiýasynyň öňbaşçysy Magdalena Andersson çarşenbe güni ýaşyllaryň hökümeti terk etmek kararyndan soň iş başyndan gidýändigini yglan etdi. Ol mundan birnäçe sagat öňüsyrasy Mejlisde ses berlişikde ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlanypdy. Bu barada Radio Sweden radioýaýlymy habar berdi.

Andersson öz kararyny: Men kanunylygy şübhe astyna alynýan hökümete ýolbaşçylyk etmek islemeýärin diýip, delillendirdi.

Habarda şeýle-de 24-nji noýabrda hökümetiň hödürlän döwlet býujetiniň taslamasy şwed riksdagynda (Mejlisde) ses berlişigiň jemleri boýunça köp ses gazanyp bilmedi, deputatlaryň köplügi tersine, oppozisiýanyň teklip eden taslamasyny goldadylar diýilýär.

Öň, 10-njy noýabrda Şwesiýanyň premýer-ministri Stefan Lewen hem iş başyndan gidipdi, onuň bu karary Magdalena Andersson üçin bu wezipä göni ýol açdy.

Ýene degişli makalalar

Andersen baýragynyň finalçylary belli boldy
Günorta Karolinanyň häkimiýetleri gaçak geçiniň eýesini tapanoklar
Braziliýalylar üçin ýatdan çykmajak pajyga (Dünýä Kubogy 1950)
Yzly-yzyna çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1938)
Ýaý atyjy açar sokulýan deşikden ýedi peýkam geçirdi
Ýaý atyjy gapynyň gulpundan ýedi peýkam geçirdi
Iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogy