Gýulten ynjyklygy…

Gýulten ynjyklygy…

Gýulten; bugdaý, arpa we çawdary ýaly ençeme galla önüminiň düzüminde bolan belogyň görnüşlerinden biridir.

Gýulen ynjyklygy

Içege florasynyň ýokary derejede kadasyz bolan halatlarynda, içege mukozasynyň geçirijilik ýitgisine baglylykda gýultene garşy ynjyklyk emele gelýär.

Içegeler düzüminde gýulten bolan önümleri siňdirmekde kynçylyk çekýär. Ol hem seliakiýa hassalygy ýa-da wagtlaýyn azyk ynjyklygynyň görnüşlerinden biri bolan gýulten ynjyklygynda görülýär. Gýulten ynjyklygy içege florasynyň madalaşmagy, iýmitlenmä üns berilmegi we gözegçilik berhiz bilen bejerilýän hassalykdyr.

Gýulten ynjyklygynda, gýulten berhiziniň doly berjaý edilmegi ýeterlik bolýan bolsa, seliakiýa hassalygy gaýtalanmasa hem, iýmitlenmäniň gýultensiz bolmagyna üns bermek gerek bolar.

Gýultensiz berhiz

Gýultensiz berhiz, sarp ediljek azyklaryň düzüminde gýulteniň bolmazlygyny aňladýar. Ol ýeňil bolmadyk berhizlerden biridir. Egerde adamyň seliakiýa hassalygy ýa-da gýulten ynjyklygy netijesinde ýarawsuzlyklary näçe köp bolsa, şol agyr berhizi tutmaklary hem şonça ýeňil bolýar.

Gýulten; bugdaýyň, arpanyň, çawdarynyň we süläniň hem-de şolaryň unundan edilýän önümleriň düzüminde bardyr. Seliakiýa hassalarynyň süleden çetde durmaklary boýunça käbir garşy pikirler bardyr.

Gýultensiz berhiz tutmaly adamlar nämeleri iýmeli?

Galla önümlerinden tüwi, mekge-jöwen, gara bugdaý, kartoşla, kinao ýaly önümleri, şolaryň unundan öndürilýän önümleri iýip bilerler. Gýultensiz galla önümleriniň unlarynyň bolmagy, seliakiýa hassalarynyň ýaşaýyşyny ýeňilleşdirýär. Egerde adam seliakiýa hassasy bolsa we gýulten berhizini ömür boýy tutmaly bolsa, iýmitlenişini diwersifikasiýalaşdyrmak üçin gýultensiz galla önümleriniň unundan öndürilýan önümleri sarp etmeli.

Gýultensiz berhizde erkin bolan azyklar;

Içgiler: Kofe, çaý, çal, itburny, lipa

Süý: Täze, goýulaşdyrylan ýa-da pastorizlenen süýt, gatyk, kremalar

Et, balyk, guş eti: Täze et, balyk, deňiz önümleri we guş eti

Peýnir: Ak penir, patorizlenen peýnirler, krem peýnirler, ýylaşan peýnirler

Kartoşka we beýleki karamelli azyklar: Kartoşka tüwi, gýultensiz lapşalar

Galla önümleri: Mekge-jöwen, tüwi we olaryň unundan öndürilýän önümler

Çörekler: Diňe rugsat edilýän unlardan bişirilen çörekler

Unlar: Mekge-jöwen uny, gara bugdaýyň uny, kinaonyň uny, kartoşkanyň uny, tüwiniň uny, süläniň uny, fundugyň we hozuň uny, fasolyň we merjimegiň uny hem-de olaryň krahmallary, gýulteni aýrylan unlaryň ählisi

Bakja önümleri: Bakja önümleriniň ählisi, fasol, merjimek we beýleki kösükliler

Miweler: Miweleriň ähli görnüşleri, ter miwe suwlary

Ýaglar: Mesge, zeýtun ýagy, funduk, fystyk we beýleki ýaglar

Çorbalar: Öýde bişirilen we un goşulmadyk ähli çorbalar

Datlylar: Bal, mürebbe, şeker, şokolad, puding, süýtlaş we düzüminde un bolmadyk beýleki datlylar

Beýlekiler: Duz, burç, narpyz, zenjebil, dalçyn, zeýtun ýagy, gyzyl burç, pomidor pýuresi…

Käbir azyklaryň düzüminde gýulten bolmagy mümkin, şol sebäpli ünsli bolmaly we gowy öwrenilmeli.

· Aromatlar we hoşboý ysly ösümleriň erginleri

· Krahmally azyklar

· Ösümlik belogy bolan azyklar

· Kolbasa, sujuk ýaly önümler

· Souslar

· Balyk önümleri

· Berhiz önümleri

· Taýýar azyklar

· Konserwalar

· Datlylar

Ýene degişli makalalar

Sowuk kofeniň saglyk üçin zyýanly taraplary ýüze çykaryldy
Aşgabadyň öýe eltip bermek hyzmaty bilen çörek bişirýän ýerleri
Magnit hadysasynyň ýaramaz täsirinden nädip goranmaly?
Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Sowukdan çaýrylan ellere tebigy bejergi usullary