Habib Getži tutluşygy ýarygijeden soň başlar

Habib  Getži tutluşygy ýarygijeden soň başlar

Şu gün BAE-niň paýtagty Abu-Dabide UFC-niň çäklerinde taryhy tutluşyklaryň biri geçiriler.UFC-254 ady bilen geçiriljek bu tutluşykda russiýaly Habib Nurmagomedow bilen amerikaly Jastin Getži özara güýç synanyşar.

Tutluşygyň gijäniň ýaryndan soň, has takygy, 00:30-dan soň başlamagyna garaşylýar.Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu Habib Nurmagomedowyň 28-nji duşuşygy bolar. 32 ýaşly türgeniň häzirki wagta çenli ýeňlişi ýok.

Onuň garşydaşy Getži bolsa geçiren 24 duşuşygynyň 22-sinde ýeňiş gazanyp, 2-sinde asgyn geldi.Habib soňky duşuşygynda Daston Porýeden, Getži bolsa Toni Fergýusondan üstün çykypdy.Bu gijeki duşuşyk Russiýanyň “REN TW” hem-de Täjigistanyň “Warziş” teleýaýlymlary arkaly görkeziler.

Ýene degişli makalalar

Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Tramp Nurmagomedowa Gazadaky söweşi bes etdirjekdigi barada wada berdi
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Umar Nurmagomedow UFC bilen täze şertnama baglaşdy
Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Burak Özdemir Türkmenistanda öz restoranyny açmagy meýilleşdirýär