Habib karýerasyny tamamlamagynyň sebäbini aýtdy

Habib karýerasyny tamamlamagynyň sebäbini aýtdy

UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow sport karýerasyny tamamlamak babatyndaky kararynyň jikme-jikliklerini paýlaşdy. Habib professional sporty galdyrmagyň kyn düşendigini we köp sanly janköýerleriň, şeýle-de käbir garyndaşlarynyň hem-de dostlarynyň nägilelik bildirýändigine garamazdan, bu kararyň gutarnyklydygyny gürrüň berdi diýip, rufight.com habar berýär.

Ol söweşden öň düýpli şikes alandygyny, sentýabrda reanimasiýada bolandygyny, çykandan soň aýagynyň barmagynyň döwlendigini aýtdy.Türgen ýeňiş bilen tamamlanan soňky söweşiniň kakasyz özi üçin düýbünden başgaça bolandygyny hem boýun aldy. Şeýle-de, Nurmagomedow Dagystandaky, Russiýadaky we tutuş dünýädäki köp sanly muşdaklarynyň özüni alada goýan ägirt uly jogapkärçilikdigini belledi. Ýatlap geçsek, rus söweşijisi ahyrky söweşinde ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny üstünlikli gorady.

Ýene degişli makalalar

Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär
Tramp Nurmagomedowa Gazadaky söweşi bes etdirjekdigi barada wada berdi
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Umar Nurmagomedow UFC bilen täze şertnama baglaşdy
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary