Habib ýylyň iň gowy daşary ýurtly türgeni boldy

Habib ýylyň iň gowy daşary ýurtly türgeni boldy

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow BBC-niň garaýşy boýunça, “Ýylyň daşary ýurtly türgeni” nominasiýasynda ýeňiji boldy. Bu baýrak bir ýylyň dowamynda sporta uly goşant goşan Beýik Britaniýadan bolmadyk türgenlere berilýär. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

Nurmagomedow nominasiýada fewral aýynda iki gezek ýapyk dünýä rekordyny täzelän şwesiýaly türgen Arman Dýuplantisden, geçen möwsümde MBA (Milli basketbol assosiasiýasy) we soňky tapgyryň MVP çempiony, “Los-Anjeles Leýkersiň” basketbolçysy Lebron Jeýmsden hem-de golfçy Dastin Jonsondan öňe geçdi.

Belläp geçsek, BBC bu baýragy 1960-njy ýyldan bäri her ýyl gowşurýar.Geçen ýyl baýraga Keniýadan ylgawçy Eliud Kipçoge mynasyp boldy. 27-nji oktýabrda Nurmagomedow UFC 254 turnirinde amerikaly Jastin Getjiden üstün çykandan soň, karýerasynda ilkinji gezek Pound-for-Pound reýtinginde birinji orny eýeledi.

Habib üçin bu üçünji titul goragy boldy.Söweşden soň Habib karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Habib bedeniňi sagdyn saklamak boýunça maslahatlaryny berdi
Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy
Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy
Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy