Haddad Adel: Nowruz baýramçylygy duýgudaşlyga çakylykdyr

Haddad Adel: Nowruz baýramçylygy duýgudaşlyga çakylykdyr

Eýranyň Pars dili we edebiýaty akademiýasynyň başlygy Nowruzyň halklaryň arasynda duýgudaşlyk döretmäge ukyplydygyny aýdyp, Nowruz baýramynyň duýgudaşlyga çakylykdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Pars dili we edebiýaty akademiýasynyň başlygy "Golam-Ali Haddad Adel" çarşenbe güni Tähranyň EKO medeni institutynda geçirilen "Nowruz duýgudaşlyk dabarasynda", Nowruz baýramçylygynyň gelmegi bilen gutlap, şeýle diýdi: Nowruz hemmelere degişli baýramçylykdyr.

Haddad Adel sözüni dowam etdirip: Nowruz däp-dessurlary sebitdäki halklar üçin hemmeleriň onuň gapdalynda otyran umumy saçakdyr diýdi.

Eýranyň Pars dili we edebiýaty akademiýasynyň başlygynyň sözlerine görä: Nowruz, sebitde umumy medeniýete eýe bolan pars däl dilli adamlaryň baýramçylygydyr.

Eko sebitiniň halklarynyň ýakynlaşmagyny giňeltmek maksady bilen "Nowruz baýramçylygy" Pars dili we edebiýaty akademiýasynyň başlygy Golam Ali Haddad Adeliň, Owganystanyň, Täjigistanyň we Pakistanyň ilçileriniň gatnaşmaklarynda çarşenbe güni Tähranda EKO medeni institutynyň başlygy Sarvar Bahti tarapyndan myhman alyndy.

Ýene degişli makalalar

2020-nji ýylyň oktýabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
Garibabadi Adel Al-Jubeire ýüzlenip: Nädogry hereketleriňizi başgalaryň üstüne oklamaňyz
Saud Arabystanyň,Eýrana garşy aýplamalry bahanasy bilen ýadro işlerini gizlin amala aşyrmagy
ATP-2021 möwsüminiň ilkinji ýedi hepdesiniň senenamasy kesgitlenildi
Hatibzadeh: Owganystandaky dartgynlylygyň çözgüdi syýasydyr
Fransiýanyň günortasynda başdan geçirilen harsaň sebäpli 3 adam ýogaldy