“Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat konferensiýasy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat konferensiýasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de daşary ýurtly habarçylar çagyryldy.

Metbugat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy M.Gazakbaýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory B.Myradow çykyş etdiler. Şeýle hem metbugat ýygnagynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniyasynyň başlygynyň orunbasary Wladimir Kazarezow, Türkiýäniň “TRT World” teleýaýlymynyň programmalar boýunça direktory Bora Baýraktar, Russiýanyň “Russia Today” halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň baş direktory Alekseý Nikolow, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi, Bütinrussiya döwlet teleradiogepleşikler kompaniyasy federal döwlet unitar kärhanasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça direksiýasynyň başlygynyň orunbasary Alekseý Perewoşikow, Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň Baş direktory Şaşi Şekhar Wempati, Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygy Alişer Hajaýew, Azerbaýjanyň AZERTAJ Döwlet habarlar agentliginiň Halkara gatnaşyklar we daşary ýurt dillerindäki habarlar departamentiniň başlygy Süleýman Ibragimow, Gruziýanyň “TV-24” teleýaýlymynyň ýerine ýetiriji direktory Badri Naçkebiýan, Ermenistanyň ARMENPRESS habarlar agentliginiň rus dilindäki habarlar gullugynyň başlygy Aýk Janpoladýan, Azerbaýjanyň Aztv Halkara radiosynyň gepleşikleriniň direktory Farid Iskenderow wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary etdiler.

Ýurdumyzyň metbugat gulluklarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň dünýäniň ençeme ýurdy bilen metbugat ulgamynda hyzmatdaşlyk edýändigi belläp geçdiler.Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň dünýäniň onlarça ýurdy bilen metbugat ulgamynda ähtnamalara gol çekilendigi, şonuň netijesinde işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralary dünýä metbugatynda giňden wagyz etmek babatda ençeme işleriň meýilleşdirilendigi bellenilip geçildi.

Daşary ýurtly iri halkara habarlar agentlikleriniň hem-de teleýaýlymlarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk we ynanyşmak arkaly halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny, bu başlangyçlaryň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşýandygyny belläp geçdiler.

The post “Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat konferensiýasy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet hepdeliginiň çäginde halkara mediaforum geçirildi
Medeniýet hepdeligi 2022 dowam edýär
Türkmenistanda Media Forum geçirildi
Maryda halkara media forumy geçirildi
В ТУРКМЕНИСТАНЕ СОСТОЯЛСЯ МЕЖДУНАРОДНЫЙ МЕДИА-ФОРУМ, ПОСВЯЩЕННЫЙ ГОДУ ЭПОХА НАРОДА С АРКАДАГОМ
Aşgabatda gibrid görnüşde halkara mediaforum geçirildi