Hakan Fidan ÝB-ne agza ýurtlaryň ilçilerini kabul etdi

Hakan Fidan ÝB-ne agza ýurtlaryň ilçilerini kabul etdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan: "Käbir Ýewropa ýurtlarynda Palestinany goldap geçirilýän demonstrasiýalaryň gadagan edilmegi bilen bagly ädimler edilýän bolsa, mukaddes kitabymyz Gurhany nyşana alyp guralýan hüjümlere söz azatlygy bahanasy bilen rugsat berilmegi iki standartlykdyr" diýip habar berdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Ýewropa Bileleşiginiň Türkiye Delegasiýasynyň başlygy ilçi Nikolaus Meýer-Landrut we ÝB-ne agza ýurtlaryň Ankara şäherindäki ilçilerini Daşary işler ministrligine degişli ÝB bölümi binasynda kabul etdi.

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Hakan Fidan ilçileri kabul eden mahaly käbir ýüzlenmeler berdi.

Hakan Fidan Gazada başdan geçirilýän wakalar bilen bagly, asuda ilatyň nyşana alynyp guralýan hüjümleriň kabul edilmesizdigini, gyssagly bes edilmeginiň gerekdigini we ýaraşygyň kabul edilmeginiň zerurdygyny habar berdi.

"Çaknyşyklary sebitleýin derejä ýetmeginiň öňüni almagymyz möhüm.Kabul edilen parametrleriniň çäginde we iki döwletli çözgüdi maksat edinýän parahatçylyk tapgyrynyň iň gysga wagtda başladylmagy zerur. Şol çäkde kepillik mehanizminden peýdalanyp boljakdygyny pikir edýäris" diýip aýdan Hakan Fidan: "Käbir Ýewropa ýurtlarynda Palestinany goldap geçirilýän demonstrasiýalaryň gadagan edilmegi bilen bagly ädimler edilýän bolsa, mukaddes kitabymyz Gurhany nyşana alyp guralýan hüjümlere söz azatlygy bahanasy bilen rugsat berilmegi iki standartlykdyr" diýip mälim etdi.

Bikanun migrasiýa garşy göreş babatynda Ýewropa BIleleşiginiň 18-nji mart ylalaşygynyň şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň we has köp ýük paýlaşylmagynyň zerurdygyny aýdan Hakan Fidan: "Terrora garşy göreş meselesinde has güýçli hyzmatdaşlyk etmegimiz möhüm. Türkiye töweregimizdäki meseleleriň çözüwinde örän uly rol eýeleýär. ÝB-niň Türkiyä öňdengörüjilikli garaýyş bilen çemeleşmegini, kiçi syýasy hasaplaryny bir gyra süýşürmeklerini umyt edýäris" diýip aýan etdi.

Maslahatda Balkanlar, Kawkaz, Orta Aziýa, Ukrainadaky uruş ýaly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hem ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň daşary işler ministri möhüm gepleşikler üçin anna güni Türkiyä sapar gurar
Türkiye-Gazagystan Bilelikdäki Strategik Meýilleşdiriş Toparynyň 8-nji Maslahaty Ankarada Başlady
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
Hakan Fidan Gazanyň Dolandyryş komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi