Halaçda tegelek haly dokalýar

Halaçda tegelek haly dokalýar

Geçen ýylda 9300 inedördül metre golaý haly dokap, ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlän Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň işine ezber gelin-gyzlary ýyllyk borçnamany 106 göterim amal etdiler. Olaryň ellerinden önen gözellik bolsa şuglasyny diňe bir ýurdumyza däl, Ýer ýüzüne çaýdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu ýerde işine ussat halyçylaryň onlarçasy zähmet çekýär. Aýnabat Derýaýewa, Akgül Hallyýewa, Gülendam Taňňyýewa, Bahargül Annaýewa ýaly Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen belent ada mynasyp bolan ussatlar halaçly zenanlaryň esasy kärine öwrülen gadymy senedi ýaş şägirtlerine hem geçirýärler. Kärhana täzelikde işe gelen gelin-gyzlar tejribeli halypalarynyň gadamyna gadam goşup, gözellik döredýärler.

Galyberse-de, Halaç etraby diňe bir welaýatymyzda däl, tutuş ýurdumyzda hem halyçylyk sungatynyň iň meşhur merkezleriniň biri. Döwrebap çeper halyçylyk kärhanasyndan başga-da, etrapda haly dokalýan enjamsyz öýe seýrek gabat gelersiňiz. Çagalykdan göreni-bileni haly bolan gyzlaryň aglabasy işe ýarar ýaşa ýetensoň, bu kärhananyň işgärine öwrülýärler.

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasy welaýatymyzda iň baýry zähmet ojaklarynyň biridir.Mundan alty aý ozal bu kärhana degişli birinji önümhananyň durky täzelenildi.Bu işi Altyn gum hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýokary hil derejesinde amala aşyrdylar. 1000 inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän önümhanada şertler has-da gowulandyrylypdyr. Önümhana halyçylaryň işinde zerur bolan goşmaça ýagtylyk çeşmeleri bilen hem üpjün edilipdir.

Düýpli abatlanylan ýyladyş-sowadyş ulgamlary bu ýerdäki joşgunly zähmete täsirini ýetirýär.

Durkunyň düýpli täzelenilmegi önümhanadaky işleriň gerimine hem täsirini ýetirdi. Bu ýerde adaty halylardan tapawutlylykda, görnüşi we bezegi bilen haýran galdyryp biljek derejedäki täsin halylar hem dokalýar. Geçen ýyl şeýle gözellikleriň 60 inedördül metrini döreden önümhananyň halyçylary bu işi Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem dowam etdirýärler.

Önümhanada täze özleşdirilen görnüşleriň biri tegelek halylardyr. Gözbaşyny geçen ýyldan alýan bu tejribe bilen eýýäm ikinji haly taýýar bolup gelýär. Täze halynyň ölçegleri 7x7 metr. Ol bu ýerde dokalan ilkinji tegelek halydan nagyşlary we beýleki gözellikleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Täze halyny döretmäge Şemşat Hemmiýewa, Jeren Taňryberdiýewa, Akjagül Akjaýewa ýaly ussatlar gatnaşýarlar.

Halaçly halyçylaryň esasy maksady — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna sowgatly barmak. Toýlar — durmuşymyzyň, gözellik bolsa toýlaryň bezegi. Nesip bolsa, gözellik Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň ussatlarynyň şanly toýumyza esasy sowgady bolar.

Agageldi ITALMAZOW,

ýörite habarçymyz.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22089

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Asyryň süýji miwesi
Aşgabatdaky kärhanada ýanwar aýynda 120 inedördül metr haly dokaldy