Halaçly zenanyň öý muzeýindäki gymmatlyklaryň sany 2 müňden hem geçdi

Halaçly zenanyň öý muzeýindäki gymmatlyklaryň sany 2 müňden hem geçdi

Halaç etrabynyň Esenmeňli obasynyň ýaşaýjysy Dursun Jumaýewanyň mundan 40 ýyldan hem gowrak ozal döreden öý muzeýindäki gymmatlyklaryň sany 2000-den hem geçdi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Neşirde çap edilen söhbetdeşlikde hem nygtalyşy ýaly, ol bu işe geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda girişipdir.Bir gezek bir öýe myhman bolanymda, keçäniň üstünde ýatan, sahypalary zaýalanyberen harby bilede gözüm düşdi.

Gyzyklanma bilen ony elime alyp görsem, ol öý bikesiniň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gaýyn atasyna degişli eken.Ine, şol harby bilet hem meniň öý muzeýimiň ilkinji gymmatlygy boldy.

Soň nirede bir taryhy zat görsem ýygnaberdim diýip, öý muzeýiniň eýesi gazeti habarçysyna gürrüň berýär.

Söhbetdeşlikde aýdylyşy ýaly, bu öý muzeýinde mundan birki asyr ozala degişli gymmatlyklar hem kän. Olaryň arasynda hojambazly Baba Mergen diýlen şahsyýete degişli hyrly, Güljemal han tarapyndan sowgat berlen hanjar, 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşundan galan hatlar we beýleki gymmatlyklar bar.

Halaçly zenanyň öý muzeýi üç otagy eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Gelin gelýär atly täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
Täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
Gyzy üçin adalat talap edýän enäniň sesi barha kän goldaw tapýar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda çagalar üçin täze eser sahnalaşdyrylýar