Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi

21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Kararyny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary kabul edildi.

Soňra Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga girişildi.

Halkymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý taryhy tejribesine hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däp-dessurlara daýanyp, halkyň erk-isleginden ugur alnyp, konstitusion topar tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Mejlisiň dowamynda deputatlar Konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berdiler, Halk Maslahatynyň agzalary bolsa olary makulladylar.Soňra Kanun taslamalarynyň üçüsi hem Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna iberildi.

Şeýle hem ýygnananlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak hakyndaky teklibi goldadylar.

Arakesmeden soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi dowam etdi.

Şu günki çykyşlarda hem-de ildeşlerimizden gelip gowşan köp sanly ýüztutmalarda halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzy hakyky Milli Lider hasaplaýandygy bellenildi. Şu beýik derejäni kanun esasynda berkitmek teklip edildi.Munuň özi özygtyýarlylygy pugtalandyrmakda, Watanymyzyň halkara abraýyny we ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň erk-islegini göz öňünde tutup, türkmen halkynyň Milli Lideriniň syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýän Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu Kanun makullanyldy we kabul edilip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna iberildi.Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň erk-islegini goldap, bu Konstitusion kanuna hem gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy — XXI asyrda parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady
Oksana Domenti (BSGG): Türkmenistan ählumumy lukmançylyk diplomatiýasynyň işjeň gatnaşyjysydyr
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Şagadam we Ahal toparlary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýarym finalyna çykdylar
Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Türkmenistanyň futbol çempionatynda Arkadag topary Köpetdag toparyny uly hasap bilen ýeňdi
Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler