Halk Maslahaty döredijiligiň we jebisligiň aýdyň ýoly

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Halk Maslahaty döredijiligiň we jebisligiň aýdyň ýoly ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda Halk Maslahatynyň geçirilmegi Watanymyzyň döwlet we syýasy binýadyny berkitmekde, jemgyýetçilik, syýasy kanunçylyk, hukuk ulgamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent sepgitlerine ýetmekde mynasyp orun eýeleýändigi, türkmen halky döwletli iş tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşmak, köpçülige sala salmak ýaly asylly ýörelgelere eýerýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem halkymyzyň bähbidine kabul ediljek kararlardyr, çözgütler zähmetsöýer halkymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrandygy hakynda buýsançly söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Kitap gymmatly hazyna
Paýhasly geňeş batly gadamlar
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasynyň kämil nusgasy
Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat