Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasynyň kämil nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ulgamynyň, halk häkimiýetiniň we milli demokratiýanyň döwrebap ösüşlerinden ugur alyp, Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşynda: “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris.

Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris” diýen sözlerinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň öňde boljak nobatdaky mejlisine taýýarlyk boýunça netijeli çäreleri gurnamak maksady bilen, lebap welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň we Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty-halk demokratiýasynyň kämil nusgasy” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekde, halkymyzy parahat, eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan döwletli işleri hakyndaky gürrüňler edildi.

Bu işlere badalga bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny uludyr.Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky il-ýurt bähbitli işleri çözmekde il içinde sylanylýan, hormatlanylýan adamlary çagyryp maslahat edip, döwletli işleri maslahatlaşyp çözüpdirler.

Bu babatda ata-babalarymyzyň “Ýedi ölçäp, bir kes”, “Maslahatly biçilen don, gysga bolmaz” ýaly nakyllaryň döremegine itergi beripdir.Geçirilýän Halk Maslahatyna durmuşyň ähli ugurlarynda işleýän we zähmet çekýän wekilleriniň gatnaşmagy bolsa her bir ýerine ýetirilýän işleriň durmuşdaky orny we wajyplygy baradaky ähli zatlar öz beýanyny tapýar.

Halk Maslahatynyň dowamynda döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda örän baý tejribeleri toplan Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip, Türkmenistanyň Halk maslahaty tarapyndan uly işler durmuşa geçirilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden ildeşlerimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýerine ýetirýän işleri barada, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, Watan ähmiýetli işlerine öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamaklary, yzygiderli döredip berýän giň şertleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuwlap, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowa.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GURNALÝAN SERGILER
ÝYLLARYMYZYŇ ŞYGARY-ÝOLLARYMYZYŇ ÇYRAGY ATLY BRINFING DUŞUŞYGY
Gülüstan Agajanowa Dutaryň sesi atly VII halkara sungat festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi başardy
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy