Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap gymmatly hazyna” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler kitap gymmatly hazyna bolup, bilimiň açary hasaplanýandygy, adamy terbiýeleýän, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýändigi barada wagyz etdiler. Şeýle-de kitap her bir ynsanyň iň ýakyn syrdaşy bolup, kitap okamagyň ähmiýeti barada rowaýatlarda, tymsallarda, hekaýalarda we nakyllarda giňişleýin beýan edilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
